“Engadget” sahypasynyň habar bermegine görä, “Google Translate” onlaýn-terjimeçisiniň birbada işleýän kamera hyzmaty indi daşary ýurt ýollarynyň atlary ýazylan görkezijilerini diňe iňlis diline däl, eýsem siziň ene diliňize terjime etmegini, şol ýol belgä telefonyň kamerasyny tutmak ýaly aňsatlaşdyrdy.
Şu gün kompaniýa özüniň terjime guralyna girizilen täzelikleri, şol sanda “Google Translate”-a goşulan 100-den gowrak dilleriň arasynda mobil telefonlaryň kamerasynyň üsti bilen düşürilen suraty terjime etmek mümkinçiligi bilen tanyşdyrdy. Başgaça aýdanymyzda, iňlis dili zerurlygy aradan aýrylýar. Ýagny, ulanyjylar bengal dilinden fransuz diline ýa-da katalon dilinden polýak diline hem terjime edip bilerler. Beýleki dilleri hem ulanmaga mümkinçilik döredildi.
Birbada işleýän kameranyň dilleriniň hataryna 60 täze dil, şol sanda arap, hindi, malaý, taý we wýetnam dilleri hem goşuldy. Şeýlelikde, ulanyjylar indi kameranyň üsti bilen teksti 88 dilde terjime edip bilerler. Bu 88 dili ulanyjylar üçin indi 100-den gowrak dile terjime etmek mümkinçiligi bar.
Birbada işleýän kameradan başga, “Google Translate”-a ses arkaly we elde ýa-da kompýuterde ýazylan teksti, şeýle hem suratlary terjime etmek hyzmatlary girizildi.

www.business.com.tm