Ýurdumyzyň işewürleri azyk bazaryny ýokary hilli azyk önümleri bilen üstüni ýetirmek boýunça öz goşandyny yzygiderli goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän Zakir Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky “Gujagy gülli sähra” daýhan hojalygy 20 gektar ýerde ýeralma, 10 gektar ýerde bolsa sogan ösdürip ýetişdirýär. Hojalygyň hünärmenleri bu ýeriň her bir gektaryndan ýeralmanyň 140 sentnerini we soganyň 250 sentnerini almagy meýilleşdirýärler.
Daýhan hojalygyna degişli mellek ýer jemi 81 gektardan ybaratdyr. Hususy hojalyk 2 ýylyň dowamynda 70 gektar ýeri özleşdirip, olarda dürli oba hojalyk ekinlerini ekdi. Mundan başga-da, hojalygyň eýeçiligindäki 40 gektar ýer bugdaý we pagta ösdürmek üçin niýetlenendir.
Ykdysadyýetinde agrosenagat pudagy esasy orny eýeleýän Daşoguz welaýaty oba hojalyk önümlerini öndürmegiň depginini barha artdyrýar. Bu işewürlik birleşigi ilaty ýerli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça importyň ornuny tutmak baradaky döwlet maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Sebitde dürli oba hojalyk önümlerini ösdürmäge we gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen onlarça hususy düzümler hereket edýär.

www.business.com.tm