Şu ýyl ýurduň ýyladyşhana hojalyklarynda 15 müň tonnadan gowrak pomidor we hyýar ýetişdirilip, daşary ýurtlara ugradyldy, munuň özi geçen ýylyň görkezijilerinden iki essä golaý köpdür. Mundan başga-da, daşary ýurtly sarp edijilere 7,5 müň tonna sogan iberildi. Ýylyň başyndan bäri şahsy ýyladyşhana hojalyklaryndan ABŞ-nyň 15 million dollaryna barabar gök ekin önümleri daşary ýurtlara ugradyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy bölüminiň maglumatlaryna görä, ýurtda içerki bazaryň talabyndan birnäçe esse artyk pomidor ýetişdirildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de azyndan 15 müň tonna ter gök ekin önümlerini ýygmak göz öňünde tutulýar. Ýerli gök ekerançylaryň önümlerine Russiýa Fderasiýasynda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda uly isleg bildirilýär. Iýun aýynda pomidorlaryň ilkinji tagyry Dubaýa (BAE) ugradyldy. Bazaryň bu pudagynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň telekeçileri öňde barýarlar. Eksporta gönükdirilen önümleri ýetişdirýän ýyladyşhana hojalyklarynyň aglaba bölegi şu sebitlerde ýerleşýär. Häzirki wagtda hususy hojalyklaryň altmyşa golaýy 150 gektardan gowrak üsti ýapyk toprakda gök önümleri ýetişdirýärler. Ahal welaýatynda 30 ga ýerde irki gök ekinleri ýetişdirýän iri hojalyklaryň biri-de «Ýigit» hojalyk jemgyýetidir. Bu ýerde her gektardan aýda 25 tonna pomidor ýygnalýar.

Datly tagamy, ekologiýa taýdan arassalygy hem-de önümiň özüne düşýän gymmatynyň arzanlygy üçin ýurdumyzda ýetişdirilýän gök we bakja önümlerine GDA ýurtlarynda uly ilseg bildirilýär.

Türkmen önümleri Ýewropa ýurtlarynda-da bäsleşige ukyply bolup biler diýip, TSTB-niň agzasy Şamämmet Annaýaew pikir edýär. Bilermeniň aýtmagyna görä, ÝeB-niň ýurtlaryna eksporta gönükdirilmegi oba hojalyk önümçiginiň bu ugrunyň düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, netijede bazar gurallarynyň kämilleşmegine we girdejiniň artmagyna ýardam eder.

www.turkmenistan.gov.tm