2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda BAE-niň Dubaý şäherinde Al Fattan Marine Towers söwda merkezinde Türkmen el halylarynyň dükanynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Mämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen el halylary dükany aýratyn gyzyklanma döredýän ýerleriň biri bolup, dabara Birleşen Arap Emirliklerindäki kompaniýalaryň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar geldiler we bu ýerde olar üçin elde dokalan ajaýyp türkmen haly önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen sazandalarynyň milli sazlaryny ussatlyk bilen çalmaklary hem-de türkmen dizaýnerleriniň işläp taýýarlan lybaslarynyň görkezilişi dabaranyň şowhunly pursatlarynyň biri boldy.
Bu çäre Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýedigini ýene bir ýola görkezdi.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!