Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenabadyň himiýa zawody polietilen turbalaryň öndürilişini ep-esli artdyrdy. Ýanwar-fewral aýlarynda 20 müň tonna golaý önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür. Şunda Gyýanlyda polimer toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti uly boldy, ol ýerden himiýa zawodyna giňişleýin ulanylýan polietilen turbalary çykarmak üçin çig mal gelip gowuşýar.

Häzirki wagda 1400 adamdan gowrak işgäri bolan kärhanada şeýle hem fosfor mineral dökünleri, kükürt kislotasy, agyz suwuny arassalamak üçin kükürtturşuly alýuminiý, tehniki we lukmançylyk kislorody, suwuk aýna we beýleki önümler çykarylýar.

Ýakyn ýyllarda zawodyň önümçilik düzümleriniň üsti ýetiriler. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni dolulygyna ulanmaga bermek şerti bilen toplumlaýyn mineral dökünleri öndürmek boýunça enjamyň taslamasyny taýýarlamaga we gurmaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini çykarmak boýunça sehiň gurluşygynyň meseleleri golaýda türkmen wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.turkmenistan.gov.tm