Maldarçylyk toplumy Gökdepe etrabynda ýerleşen, ýurtda belli süýt öndüriji «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde sagylýan sygyrlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
TSTB-niň agzasy, telekeçi Orazgeldi Anzarowyň aýtmagyna görä, golştin tohumly mallaryň 400-sini satyn almak barada awstriýaly fermerler bilen şertnama baglaşyldy. Şunda hojalykda naýbaşy tohumly gara malyň baş sany bäş ýüzden geçer. Mundan başga-da, dowarlaryň 1000-sini, şol sanda zane tohumly geçileriň 350-sini saklamak üçin şert döredilen.
Telekeçi Orazgeldi Anzarow ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri maldarçylykda işläp gelýär. Daýhan hojalygyndan 300 gara mally sygyr ýatagyny we ot-iým ýetişdirmek üçin birnäçe ýüz gektar ýeri kärendesine alyp, ol öz ilkinji telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirip başlady. Hususy kiçi zawody günde 300-400 litr süýdi gaýtadan işleýärdi. Häzirki wagtda bu ýerde et-süýt berýän sygyrlaryň müňe golaýy bar.
«Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň bäş ýyl mundan ozal öz serişdeleriniň we döwlet tarapyndan berlen ýeňillikli karzyň hasabyna guran döwrebap maldarçylyk toplumy telekeçilik işini alyp barmagyň mümkinçiligini artdyrdy. Täze ferma 9 gektar ýer tutýar, 600 gektara iýmlik ekinler, şol sanda ýorunja, mekgejöwen, arpa ekilýär. Üç ýyl mundan ozal soýa ekip başladylar. Häzirki wagtda hojalykda 150 tonna golaý proteine baý soýa ýetişdirilýär, onuň tohumyny beýleki fermerler satyn alýarlar. Iýmlik binýat üçin diňe organiki dökünler we oba hojalyk ekinlerine zyýan beriji mör-möjeklere garşy biologik serişdeler ulanylýar.
Naýbaşy tohumly mallary saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumynda göleler we sagylýan sygyrlar üçin bölümler bar. Sygyrlary awtomatiki usulda sagmak ulgamy ornaşdyrylypdyr, mallara ot-iým bermek hem mehanizirlenen. Onuň ýurdumyzda geçileri sagýan enjamlar bilen üpjün edilen ilkinji fermadygyny bellemek gerek.
Toplumda günde 25-30 tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen, ýokary tehnologiýaly daşary ýurt enjamlary bolan zawod hereket edýär. Häzirki wagtda bu ýerde günde 9 tonna golaý süýt gaýtadan işlenilip, önümleriň 10-dan gowrak görnüşi, şol sanda aýran, gaýmakdyr gatygyň birnäçe görnüşi, peýnir we syr, dorag we süzme çykarylýar.
«Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň önümleri islegli harytlar. HJ geljekde önümçiligiň möçberini artdyrmagy we çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmegi göz öňünde tutýar.

www.turkmenistan.gov.tm