27-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň 5 ýylyň dowamyndaky işleriniň jemlerine bagyşlanan ýygnak geçirildi. Onuň işine TÇŞBMG-ň agzalary, ýagny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, döwlet we hususy kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
TÇŞBMG-ň agzalaryny bäş ýyllygy bilen gutlamak arkaly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy halkara söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, türkmen haryt öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde, innowasiýalaryň ulanylyşa girizilmeginde bu söwda däl meýletin düzümiň işiniň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Kararyna laýyklykda we TSTB-niň goldaw bermeginde bäş ýyl mundan ozal döredilen TÇŞBMG-y ýurduň işewür bileleşiginiň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak we daşary ýurtlara ibermek maksady üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça goýlan wezipeleri çözmekde uly goşant goşýar. Häzirki wagtda Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli gurama 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýet Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.
TÇŞBMG-ň başlygynyň çykyşynda özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň bäş ýylyň dowamynda geçiren işi hakynda hemmetaraplaýyn syn berildi.
Şeýle hem, ýygnananlar GS1 – Ýeke-täk standartlary döretmek we ulanyşa girizmek boýunça halkara guramasynyň agzasy bolan TÇŞBMG-ň awtomatlaşdyrylan anyklanylyş ugrundaky üstünlikler we sanly tehnologiýalary mundan beýläk hem ulanyşa girizilmeginiň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.
Şeýle-de ýygnagyň barşynda guramaçylyk soraglaryna seredilip geçildi.
Häzirki wagtda TÇŞBMG-ň düzümine 1395 sany döwlet we hususy düzümler, şol sanda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalar girýär. Çyzykly şertli belgilenme ulgamy olaryň hemmesini öz içine alýar.

www. tstb.gov.tm