«Meniň daş-töweregimdäkiler, hatda enem-atam hem meni işi ugruna bolmaýan adam hasap edýärdiler» diýip, beýik akyldar we şahyr Şemsi Tebrizi öz çagalygyny ýatlapdyr. Kütekligime lapykeç bolan kakam bir gün maňa:
–Dälihana salar ýaly, göräýmäge sen kemakylam-a däl. Ybadathana üçin hem ol diýen bir ynançly adam däl, men seni näderkäm? ─ diýdi.
Men oňa:
–Bir gezek kürk towugyň oturan höwürtgesine ogrynça ördegiň ýumurtgasyny goýupdyrlar. Ene towuk ýumurtgadan çykan jüýjelerini howzuň kenaryna äkidipdir. Beýleki jüýjeler otjagazlary çokup ugrapdyrlar, ördek jüýjesi bolsa, suwa böküpdir. Görgüli kürk towugyň zähresi ýarylypdyr. Ala-gykylyk edip käkeläp, daş-töweregi kömege çagyrypdyr, sebäbi onuň özi hem ýüzüp bilenok ahyry.
–Kaka diňle meni, seni gowy görýärin we enem-atam hökmünde sarpa goýýaryn. Ýöne meniň kenarda galasym gelenok. Meni umman özüne çagyrýar, men onda öz öýümi tapdym. Seniň ýüzüp bilmeýänligiň, ony öwrenmegem islemeýänligiň üçin men günäkär däl ahbetin.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!