Iş hepdesiniň günlerini azaltmak hem kompaniýalara, hem olaryň işgärlerine bähbitli bolar, şonuň üçin dünýäde 4 iş günli hepdä geçmek barada pikirlenmegiň wagty geldi diýip, Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumyň dowamynda iki sany abraýly bilermen aýtdy. Forumyň dowamynda Pensilwaniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Uorton biznes mekdebiniň psihology Adam Grant: «Bizde iş wagtynyň azalmagy bilen adamlaryň ünslerini netijeli jemleýändigini açyp görkezýän gowy tejribelerimiz bar. Olaryň iş öndürüjiligi şonlugyna galsa-da işiň hili we işe döredijilikli çemeleşmeleri has-da artýar» diýip, ol öz çykyşynda belledi. Onuň bilen adamlaryň wagtyň geçmegi bilen barha az işlejekdiklerine öňdebaryjy ykdysatçylaryň, sosoiologlaryň, filosoflaryň onýyllyklaryň dowamynda ynanandyklaryny ýatladan ykdysatçy we taryhçy Rutger Bregman hem pikirdeş. Ýöne bu ýagdaý diňe geçen asyryň 70-nji ýyllarynda üýtgäpdi. «Telekeçiler ─ kapitalistler baryp, 20-nji we 30-njy ýyllarda gysgaldylan iş hepdesiniň önümçilige oňyn täsir edýändigini ýüze çykarypdyrlar. Mysal üçin, Genri Ford 60 sagatlyk iş hepdesinden 40 sagatlyga geçenlerinde onuň işçileriniň az ýadaýandyklary sebäpli, öndürijilikleri artypdyr» diýip, gürrüň berýär.
Forumyň çäklerinde eger az işleseler adamlaryň has bagtyýar bolýandyklary hakyndaky ylmy derňewler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilermenler Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlaryny, ýagny işe wagt näçe kän sarp edilse, şonça-da zähmet we her sagatda jemi önümiň öndürijiliginiň az bolýandygyny hem ýatladylar.
Geçen ýyllarda Täze Zelandiýanyň kompaniýalarynyň biri synag hökmünde 4 iş günli hepdä geçdi. Soňra bu tertipnamanyň hemişelik boljakdygyny yglan etdiler.

Materiýaly «www.ukrrudprom.com» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.