Dynç alýanlaryň biri kenarýakasynda gezim edýän eken. Deňiz, şemal, çyg çäge, şapak...Gözellik! Ol uzaklarda bir adam görüpdir. Uzakdaky adam eglip, eline bir zatlar alýardy. Ony suwa atmak bilen ýene bu hereketini gaýtalaýardy. Dynç alýan kişi golaýa gelen wagty ol adamyň tolkunlaryň kenara çykaran deňiz ýyldyzlaryny yzyna atýandygyny görüp, geň galýar-da sowal berýär:
–Agşamyň haýyrly bolsun! Aýtsaňyzlaň, siz näme bilen meşgullanýarsyňyz?
–Men deňiz ýyldyzlaryny yzyna – deňze oklaýaryn. Tolkunlar kenara ýetip yzyna gaýdan çagy olar gury ýere düşýärler. Deňze oklamasaň, heläk bolarlar.
–Kenar ýakasynda müňlerçe ýyldyz bar. Olar çakyňdan köp, hemmesini yzyna gaýtarmak mümkin däl. Şeýle ýagdaý dünýädäki ýüzlerçe kenarýakalarynda gaýtalanyp dur. Siz barybir hiç zady üýtgedip bilmejekdigiňize düşüneňzokmy?
Kenardaky adam ýylgyrypdyr-da, ýene bir deňiz ýyldyzyny ýerden galdyryp, ony suwa oklap şeýle diýipdir:
–Şu deňiz ýyldyzy üçin nämedir bir zat üýtgedi.

Tymsaly Saidmurod Dawlatowyň «Men we pul. Baýlygyň psihologiýasy» atly kitapdan terjime eden Maýa APBAÝEWA.