Täze ýylyň öň ýanynda Farap etrabynda işe girizilen awtoulaglara ýangyç guýýan beket awtomobilleriň ilkinji müňüsine hyzmat etdi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirýetiniň Lebap welaýat hojalyk hasaplaşykly edarasynyň hünärmenleriniň bina eden bu desgasy «Türmenabat – «Farap» gümrükhana nokady ýolunyň ugrunda ýerleşýär, bu ýoldan Türkmenistanyň üstünden üstaşyr geçip gidýän agyr ýükli awtulaglar geçýärler.
Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze AÝaGB-de çalt we ýokary hilli hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilen. Benzin we dizel ýangyjyny guýýan enjamlaryň 4-si, şonça-da ýangyç saklanýan rezerwuarlar hem-de beýleki kömekçi desgalar, şol sanda awtoulaglar ýuwulýan ýer, ýag çalşylýan ýer, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary satylýan dükan, töleg terminaly hereket edýär. Bu ýeri abadanlaşdyrylan we yşyklar bilen üpjün edilen.
Şondan biraz öň gündogar sebitde «Farap» gümrükhana nokadynyň golaýynda Türkmenistanyň üstünden üstaşyr geçýän agyr ýükli awtoulaglar üçin awtoduralga açylypdy. 4 gektar meýdanda sürüjileriň dynç almagy we ulaglara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilen, bu ýerde awtomobilleri hasaba alýan nokat, naharhana, awtomobil ussahahasy bar.

www.turkmenistan.gov.tm