Lebap welaýatynda 500 tonna ýokary hilli towuk etini we 2,5 million ýumurtga öndürýän döwrebap guşçulyk toplumy işe girizildi. Ony Çärjew etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Eşret” daýhan birleşiginiň işgärleri gurdular.

Önümçilgiň başlangyç tapgyrynda bu ýerde 20 müňe golaý guzlaýan towuk we ete niýetlenen jüýjeleriň 25 müňüsi saklanylýar. Olary döwrebap tehnologiýalar boýunça saklamak, idetmek, towuk etini gaýtadan işlemek, ýumurtga ýygmanak we taýýarlamak babatda önümçilik binalarynda ähli zerur şertler döredilen. Önümçilik döwrebap enjamlar, kompýuter ulgamy, laboratoriýa enjamlary bilen üpjün edilen. Esasy işler awtomatlaşdyrylan we mehanizirlenen. Kärhananyň işgärleri üçin zerur şertleriň ählisi döredilen.

www.turkmenistan.gov.tm