«Ýedidogan» kompaniýasynyň zawodynda işe göýberilen awtomatlaşdyrlan liniýada sagatda on üç müň kagyz paket çykarylýar. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhana ýokary hilli kagyz gap önümleri öndürýär. Germaniýanyň Gartemann & Hollmann firmasynyň awtomatlaşdyrylan doly tapgyrdaky yzygiderli liniýasy aýda iki milliona golaý önüm çykarmaga mümkinçilik berýär. Olar bir, iki we üç gatly açyk haltalardyr. Ürgün azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk dökünleri üçin gapakly ýapyk haltalara isleg hasam uly.

Müşderiniň talaplaryna laýyklykda bu ýerde ýokarsy ak gatlakly, gatlak arasy ýa-da içi polietilen içlikli mikrokrepirlenen kagyz önümleri, çyglyk geçirmeýän gatlakly laminirlenen we bitumlanan haltalar öndürilýär. Aşa berkligi bilen tapawutlanýan kraft-haltalar ekologiiýa taýdan arassa, aňsat utilizirlenýän gapdyr.

Biz oňaýly we uniwersal material bolan kagyzy dänelerden başlap gurluşyk materiallaryna çenli dürli harytlary gaplamakda gerekli paketleri we sumkalary çykarmakda ulanmakçy. Kagyz paketleriň özüne düşýän gymmaty arzan bolansoň olara haryt gaplamak önümiň nyrhyna üýtgeşik täsir etmez- diýip telekeçi Döwran Abdyresulow gürrüň berýär.

www.turkmenistan.gov.tm