Sebitleri ösdürmek we gök- miwe önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýyladyşhana toplumy guruldy. 5,4 müň inedördül neýdanda welaýat merkeziniň ilaty üçin iki ýüz tonna golaý pomidor we beýleki gök önümleri ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. TSTB-niň agzasy, telekeçi Toýly Goýunlyýew gurluşygyň iş tabşyryjysydyr.
Gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenen desgalar polikarbonat bölekleri bilen örtülen galwanirlenen metaldan ýygnaldy, ol şularyň aýna kysmysyndan ýeňildir we berkdir. Ýyladyşhanalar howanyň öňaýly derejesini, ýagtylygyny, çyglylygyny we topraga ýokumly maddalaryň berilmegini üpjün edýän ýörüte enjam bilen enjamlaşdyrylan. Ösümlikler ýagyş kysmy we damjalaýyn usulda suwarylýar. Ýyladyşhana ýelejiredilmeli bolanda onuň üçegi awtomatik usulda açylýar. Önümçilik desgalarynyň gapdalynda edara jaýy we işgärler dem-dynç alar ýaly bina, suwaryş suwy saklanýan rezerwuar we beýleki düzümleýin desgalar bina edildi.
Ýyladyşhanada gök önümleri ýetişdirmegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ulanylmagy onuň hasyllylygyny we hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Wladimi KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)