«Aýdyň gijeler» Hojalyk jemgyýeti potolokdan asylýan ýagtylyk diodly çyralary çykaryp başlady. Täze önüm ýaşaýyş jaýlaryna we önümçilik sehlerine niýetlenendir. Birinji tapgyrda 30х30,30х40,60х60 santimetr ölçegli çyralar öndürilýär.
Bu kärhana bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, elektron we elektrotehniki senagaty kemala getirmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döredilen önümçilikleriň ilkinjileriniň biridir.
«Aýdyň gijeler» işläp başlan döwründen bäri ýaşaýyş we senagat binalary üçin LED-çyralaryň, şeýle hem köçe çyralarynda ulanylýan önümleriň önümçligini özleşdirdi. Her gün ýygnama konweýerinden gyzdyryş çyrasynyň kuwwatlylygy 40 wattdan 240 wattyna laýyk gelýän 3 wattdan 24 watta çenli çyralaryň birnäçe müňüsi çykýar. Şeýle hem çagalar üçin öwrediji kompýuterleri ýygnaýan seh işe girizildi. Kärhanada termoplast- awtomatlaryň on birisi oturdyldy, olaryň kömegi bilen kompýuterleriň gabarasy we çyralaryň kolbasy guýulýar.
Indiki aýyň başyndan potolokdan asylýan ýagtylyk diodly çyralar söwda nokatlaryna iberiler.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!