Edil häzir hereket edip başlaň. Elmydama hiçden giç ýagşydyr.

Üstünlik hiç wagt üstüňize gelmez. Siz onuň üstüne gidiň.

Batyrgaýlara ykbal goltgy berýär.

Üstünlik – bu bir göterim ylham, togsan dokuz göterim alyn deriňdir.

Tejribäniň görkezişi ýaly, üstünlik gazanmak üçin diňe başarnyk ýeterlik däldir, eýsem yhlas hem zerurdyr. Işine bütin durky bilen berlenler ýeňiş gazanýarlar.

Bilim üçin maýa goýum hemişe uly girdeji berýär.

Uly maksada ýetmegiň ýakyn ýoly ýok.

Şowsuzlyk edeniň ugruna bolmaýandygyny aňlatmaýar. Ol üstünligiň entek öňdediginiň alamaty.

Durmuşda zähmetsiz ýetip bolýan ýeke-täk zat – şowsuzlyk.

Üstünlik – gaýduwsyzlygyň perzendidir.

Terjime eden Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!