Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek maksatnamasy esasynda Türkmenistan daşky gurşawy goramaga hem goşant goşýar. Bu ugurda eýýäm öndürilip başlanan we dünýäde giňden ornan «ýaşyl» önümleriň sanawynda orun alan LED-lampalary agzamak bolar.
LED-lampalar (Light-Emitting Diode Lamps) ýagtylyk diodly lampa ady bilenem bellidir. Olary öndürmekde simap we galogen ulanylýar. Şonuň üçin hatardan çykanda ýa döwlen halatynda hiç hili howp döretmeýär. Ulanyşdan galan lampany arkaýyn zibile atybermeli. Çünki ony täzeden işläp, önüm almak bolýar.
«Aydyn gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň fewralyndan bäri LED-lampalary öndürýär. Diňe şu ýylyň dowamynda bir ýarym millionan gowrak ekologiýa taýdan arassa lampa alyjylara hödürlenildi.
«Aydyn gijeler»-de öndürilýän lampalaryň esasy aýratynlygy olaryň uzak wagtlap hyzmat edýänligidir. Olar 20-den 50 müň sagada çenli ulanmaga ýaramlydyr. Munuň özi 2 ýyldan 5 ýyla çenli möhletdir.

Taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.