20 ýyl mundan ozalam plastik gaplar ulanmaga amatlylygy we hiliniň ýokarylygy üçin bizi haýran galdyrýardy.
Uly ýaşly nesliň agramly bölegi çüýşe gaplary ulandylar. Olara seresap bolmasaň döwülmek, hatardan çykmak howpy abanýardy. Plastik gaplara beýle howp abanmaýar.
Gaty bir kän wagt geçmedigem bolsa plastik gaplar adamlary irizip başlady. Her gün satyn alýan önümlerimiziň plastik gaplarda satylýany az däl. Olary ýygnap goýmak amatly bolmaýar. Öýde ýer tutýar. Şeýle bolansoň zyňmaly bolýar.
Ýöne plasatik gaplary zibile atanymyz bilen ýok bolup gidenok. Olary täzeden işläp, gündelik durmuşa gerekli önümleri alyp bolanok. Dag döredip ýatan plastik gaplar adamlary howpurgadyp başlady.
Tutuş ýurt möçberinde alanyňda ol uly bir mesele döredýär. Bilermenler, olaryň çynlakaý ekologiýa meselesini döredýändigini duýdurýarlar. Merkezi Aziýada bu mesele birnäçe ýyl bäri ýiti bolmagynda galýar.
Ynsan çykalga tapmagy başarýar. Eger nämedir bir zady ýok edip bolmaýan bolsa, ondan adamlara peýdasy degjek bir önüm almagyň ýoluny tapýar. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý üstünlikli dowam etdirilýär.
Gazagystanyň Türkistan oblastynda termoiplastikany täzeden işleýän gazak-hytaý zawod açylypdyr. Ol mata däl materiallary emeli ýol bilen ýasalan dokma önümlerine öwürýärler.
Bu sintetik material uzak wagt saklanmaga ukyply bolup, allergiýa döretmeýänligi bilen tapawutlanýar. Ondan taýýarlanan önümler bedeniňe ýakymly bolup, tegmilleri aýyrmakda kynçylyk döretmeýär.
Gazagystanyň «GreenTechnology Industries» kompaniýasy bilen Hytaýyň «Hong Kong General Industry And Commerce» kompaniýasy bu önümçiligiň inwestory bolup çykyş edipdir. Taslamanyň bahasy 20 million dollara barabardyr. Her ýylda 50 müň tonna önüm öndürmek bilen Gazagystanyň ilatyny doly üpjün edip bolýar.
Şu ýerde 2016-njy ýylda Aşgabatda polipropilen halylary öndürýän zawodyň açylandygyny ýatlamak bolar. Häzirki zaman sintetik materiallaryndan taýýarlanýan şol halylara isleg uly bolup, olar arzanlygy bilen özüne çekýär. Şeýle-de, adaty halylardan kän bir tapawutlanmaýar.

Taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.