Ýurdumyzyň söwda ulgamynda briketlenen kömür peýda boldy. Onuň önümçiligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň «Mert Peder» HJ hünärmenleri başladylar.
Briketlenen kömri ýasamak üçin çig mal hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň agaç galyndylary hyzmat edýär: guradylan gowaçanyň baldaklary we üzüm şahalary. Ýangyjyň şu görnüşiniň artykmaçlyklarynyň arasynda – uzak wagtlap ýanmakdyr (4-5 sagat), bu bolsa onuň peýdalanylyşyny has amatly edýär. Agaç-kömür briketleriniň düzüminde ekologiýa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biljek himiki berkidijiler we baglaýjy elementler ýokdur, şol sebäpli maňňallar, peçler, kaminler, çadyrlary ýylatmak üçin ekologik taýdan arassa ýangyç hasap edilýär.
Kärhananyň kuwwaty – her günde 400 kg briketlenen kömür bolup, ol kagyz gaplara çekilip gaplanýar we bölek söwda ulgamyna ugradylýar. Öndürijiniň meýilnamasynda – importyň ornuny tutujy şu önüm bilen içerki bazary doly üpjün etmek bolup durýar.

www.tstb.gov.tm