Uzak ýyllaryň dowamynda «Tefal» markaly sajlaryň teflon örtükli bolanlygy üçin bir gram ýagy hem yrýa etmän tagam taýýarlap bolýandygyny onuň artkymaçlygy hökmünde öňe sürdüler. Emma onuň örtüginiň başga aýratynlygynyň bardygy ýüze çykypdyr. Sebäbi «Tefal» kompaniýasynyň öndürýän saçlaryny aňsatlyk bilen ýuwup arassalap bolýan eken. Şondan soňra bu şereket öz mahabatlarynyň mazmunyny üýtgedip, olaryň aňsatlyk bilen tämizlenýändigine ünsi çekip başlapdyrlar.
***
«Tefal» - halkara söwda markasy bolup, olar durmuşda ulanylýan enjamlary we gap-gaçlary öndürýärler. «Tefal» kompaniýasyny 1968-nji ýylda «Groupe SEB» şereketi öz garamagyna geçirýär. Ady agzalan şereketiň «Rowenta» we «Moulinex» brendlerine-de eýelik edendigini ýatladýarys.
1954-nji ýylda fransuz inženeri Mark Greguar alýumine politetraftopetilen goýmagyň usulyny tapypdyr. Şeýlelikde, aşhana sajynyň tagamlary ýakmaýan görnüşi oýlanyp tapylýar. Şondan 2 ýyl soňra, ýagny 1956-njy ýylda bolsa Fransiýanyň Sarsel şäherinde «Tefal» kompaniýasy esaslandyrylýar.

Materialy «www. tefal.com» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!