«Aşgabatgurluşyk» önümçilik birleşigi şu ýyl otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan üç we dört otagly iki gatly kottejleriň kyrka golaýyny bina eder. Olary gurmak üçin Çoganlydan ýer bölünip berildi. Bu ýerde, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň demirgazyk-günbatarynda Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk guramalary Büzmeýin etrabynyň jaýgurluşyk kombinatynda taýýarlanan demir-beton panellerden eýýäm öýleriň 230-sini gurdular. Täze jaýlar tapgyry otaglarynyň oýlanşykly ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Öýler inženerçilik kommunikasiýalaryna, telefon ulgamyna we IP – telewideniýä birleşdiriler.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda oňaýly kottejleriň 800-den gowragy ulanylmaga berildi. Paýtagty gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalary şäheriň günorta-günbatar böleginde, şeýle hem Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň 500-den gowragyny bina etdiler.

Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpgatly jaýlar bilen bilelikde kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygy raýatlara jaýy öz islegine görä saýlap almagyna mümkinçilik berer.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)