Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini ön-dürýän täze kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzy batly depginler bilen senagatlaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ugrunyň üs-tünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dabara hökümet agzalary, nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem nebithimiýaçylaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary gatnaşdylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çäginde ir ertirden baý-ramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Ähli ýerde aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, baýdaklar parlaýar, dürli reňkli şarlar uçuryldy. Deňizýaka ülkäniň artistleri dürli öwüşginli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşyjylar çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny berkitmäge berýän uly ünsi üçin çuň-ňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän işjeň maýa goýum syýasaty, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň içinde hem-de daşary döwletlerde isleg bildirilýän dürli nebit we gazhimiýa önümlerini ön-dürýän innowasion tehnologiýalarynyň esasynda täze önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde, häzir pudagyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyň wezipeleri üstünlikli çözülýär. Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagat-laşdyrmagyň depginini çaltlandyrmaga, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny diwersifika-siýalaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder. Umuman, bularyň ählisi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.

Çärede çykyş eden Indoneziýa Respublikasynyň “P.T.ISTANA Karang Laut” kompaniýasy-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. TNGIZT-de gurlan polipropilen örtügini öndürýän kärhananyň taslamasy şu kompa-niýa bilen bilelikde amala aşyryldy.

Jenap Louz Wizioz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady ösüşde batly depginleri gazanýan ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmä-ge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Indoneziýanyň we dünýäniň beýle-ki döwletleriniň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge gyzyklanmasy köp babatda Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” hem-de iri daşary ýurt kompaniýalary we maýadarlary bilen giň hyzmatdaşlyk sy-ýasaty bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzda olaryň işlemegi üçin amatly şertler döredildi.

Ozal bellenilişi ýaly, senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda hem-de durmuşda ulanylýan harytlary öndürmekde giňden peýdalanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşlerini iş-läp taýýarlamagyň esasy bölegi bolan polimerleri öndürmek boýunça iri önümçilikleriň dö-redilmegi nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biridir.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa pudagynyň ösdürilmeginde ilkinji ädim boldy. Millisekund katalitiki kreking (MSCC) desgasyndan gelip gowuşýan suwuklandyrylan gaz onuň üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda granulirlenen propilen kenarýaka nebithimiýaçylary tarapyndan çykarylýan önümleriň sanawynda esasy orunlaryň birini eýe-leýär. Bu önümi Russiýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan, alysdaky we golaýdaky beýleki ýurtlar satyn alýar.

Eksport ugurly harydyň esasy bölegi sarp edijilere deňiz ulagy arkaly ugradylýar. Şu mak-satlar bilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak we ugratmak üçin ýöriteleşdirilen terminal guruldy.

Aýratyn hem bütin dünýäde polimer önümlerine islegleriň artýandygyny nazara almak bilen tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde hil taýdan täze mümkinçilikler açylýar. Şu ýyl Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polietilen we polip-ropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy.

Umuman, bularyň ählisi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürmek boýunça kärhanany gurmak baradaky çözgüdiň kabul edil-megini şertlendirdi. Bu islendik ulgamda uly islegden peýdalanýan serişdeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Onuň sarp edilişi yzygiderli artýar, ulanylýan çägi hem giňelýär.

Desgada ornaşdyrylan tehnologiki ulgamyň ýyllyk kuwwaty biaksial-ugurly polipropilen ör-tüginiň (BOPP) 21 müň tonnasyna barabardyr.

Köp sanly sintetiki we tebigy gaplaýjy serişdeleriň arasynda BOPP örtüginiň häzirki wagtda öňdäki orunlary eýeleýändigini bellemelidiris. Munuň özi tötänden däldir, çünki özüniň bäs-deşleri bilen deňeşdirilende, ol köp artykmaçlyklara eýedir. Onuň agramy we dykyzlygy örän pes bolup, has berk serişde hasaplanylýar. Önümiň bahasy gymmat däldir we dürli maksatlar üçin ulanylýan görnüşleri köpdür. Ol ýokary we pes temperaturalara durnukly-dyr. Polipropilen azyk önümlerini gaplamak üçin has gowy önümleriň biri bolup durýar. Ol ýagtylyga, ýokary çyglylygyň we kislorodyň täsirine durnuklydyr.

BOPP örtügi özüniň görnüşine laýyklykda dürli reňkde bolýar, ol gaýtadan işläp bejermek-de amatlydyr, hususan-da, kebşirlemek, kesmek, çap etmek ýa-da metal örtüklerini örtmek üçin oňaýlydyr. Statiki elektrigiň toplanmasyndan, şöhleden goramak ýaly häsiýetleri ber-ýän täze gatlary goşmak mümkinçiligi bar.

Täze kärhanada çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanylýan TPP 382 BF kysymly polipropilen ulanylýar. Ol ajaýyp dielektriki aý-ratynlyga eýedir we örän berkdir, gaýtadan işlemekde örän durnuklydyr. Özüniň görkezijile-ri hem-de ulanyş häsiýetleri boýunça bu polimer halkara ülňülerine, şol sanda azyk önüm-leri hem-de derman serişdeleri üçin bellenen ülňülere laýyk gelýär.

Üç gatly BOPP örtügi taýýarlamagyň tehnologiki işi çig maly – polipropileni we propileniň sopolimerlerini öndürýän kärhananyň aýratyn böleginde gurnalan ýörite gaplara ugratmak-dan başlanýar, soňra olar ekstrudere gelýär, onda 240 gradus temperaturada 36 — 38 kg/m2 basyş astynda eredilýär. Gyzgyn ergin aýlanýan barabanyň üsti bilen deň paýlanyl-ýar.

Örtügiň üsti we aşaky gatlaklary sopolimer esasynda alnan goşundylaryň garyndysyndan, ortaky gatlak bolsa polipropilenden ybaratdyr. Ilkibaşda ol galyň bolýar, soňra bolsa süýn-diriji enjam belli bir gyzgynlygyň hem-de degişli basyş güýji bilen örtük dikligine gerekli bel-lenen ölçeglere çenli süýndirilýär. Şeýlelikde, 7 müň millimetr inlilikden gowrak we 10-80 mikron aralygyndaky galyňlykly örtük ýörite saraýan abzalda uzyn ýumaklara saralýar. Ön-dürilen uly we uzyn ýumaklara saralan örtük ýörite tekjelerde 4-6 sagadyň dowamynda taplanýar we soňra kesilip, gaplanyp taýýar haryt görnüşine eýe bolýar.

Galyňlygyna baglylykda, BOPP örtügini gaplaýjy serişde hökmünde azyk, dokma, derman, parfýumer, kosmetika senagatynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ulanyp bolýar. Ol şekeri, doňdurmany, çaýy, mineral suwlary, çörek we unaş hem-de konditer önümlerini, gülleri, egin-eşikleri, sowgatlyk önümleri gaplamak üçin has amatlydyr. Mundan başga-da, BOPP örtügi tehniki maksatlarda ulanylýar.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen nebithimiýaçylarynyň öndürip başlan täze önümi ýurdumyzyň içinde hem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Täze kärhanada inžener-tehniki işgärleriň, esasy we hyzmat edýän işgärleriň 89-sy işlär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanyş synaglary döwrün-de örtükleriň üç görnüşiniň — ýönekeý we üç gatly, galyňlygy 10, 20 we 30 mikron bolan örtükleriň öndürilişi özleşdirildi. Bu önümleriň eýýäm 40 tonna golaýy Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly ýerlenildi. Ine, şu gün hem polipropilen örtüginiň nobatdaky tapgyry ýurdu-myzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalaryna ugradyldy.

Umuman, ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň möçberiniň we görnüşiniň artdy-rylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge hyzmat eder.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)