Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň günorta çetinde, Türkmenabadyň halkara aeroprtuna barýan gara ýoluň ugrunda täze ýaşaýyş jaý toplumy peýda boldy. Ýaňy-ýakynam bu ýerlerde çägeleri ýel sürüp, Gün nury ýakyp barýardy. Indi bolsa toplumlaýyn özgertmeler maksatnamфsynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ýerleri gül-pürçüge bürenen ýere öwrüldi.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi oňaýlyб hersi 40 öýli 4 gatly jaýlaryň 22-si bar. Binagärlik ýörelgelerinde milli tilsimler ulanylypdyr. Toplumyň gurluşygyna döwlet gurluşyk guramalary we hususy kärhanalar gatnaşdylar.

Täze gurluşyk toplumynda şäher ilatynyň oňaýly ýaşamagy üçin zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutulan: döwrebap ýol düzümi, elektrik, gaz we suw üpjünçiligi hereket edýär, öýleriň töweregi abadanlaşdyrylan we bag nahallary oturdylan, çagalar üçin oýunlar we sport meýdançalary enjamlaşdyrylan. Tiz wagtda maşgalalaryň 900-e golaýy bu ýere göçüp bararlar.

i

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!