«Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň Aşgabatdaky «Türkmenkabel» zawody çykarylýan önümleriň görnüşini köpeltdi. Kärhanada döredilen täze önümçilik uçastoklarynda tok harçlanyşyny hasaplaýan elektron enjamlary, transformator kiçi beketleri—KTPN-leri çykarmak ýola goýuldy, senagat we durmuş kondisionerleri abatlanylýar.

Toguň üýtgemeginiň öňüni alýan, tok öçürýän, tok aýyrýan enjamlar, keramiki izolýatorlar, bölüji şkaflar, trawersler ýaly elektrotehniki önümlere we elektrik ulgamlaryny abadanlaşdyrmaga niýetlenen beýleki önümlere ýurduň energetikleri uly isleg bildirýärler.

Ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrik togunyň harçlanyşyny hasaplaýan bir fazaly enjamlary öndürýän sehiň ýygnama konweýerinde ýylda 180 müňe golaý önüm çykarylar. Kärhananyň işgärleri induksion görnüşli elektromehanik tok hasaplaýjy enjamlary çalşyrjak enjamlaryň 35 müňüsini çykarmaga ygtyýarnama we ýerlemäge şahadatnama aldylar. Täze önümi «Türmenenergogözegçilik» kärhanasy ilkinjileriň biri bolup satyn aldy. Mundan başga-da, kärhanada kärendesine işleýän hojalyk jemgyýetleri LED-çyralary çykarýan seh gurnadylar. Durmuş enjamlaryny- gaz we elektrik plitalary, elektrik ýyladyjylary, kiçi duhowkalary we beýleki önümleri öndürýän bilelikdäki kärhana döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Zawodyň işgärleri tok harçlanyşyny hasaplaýan üç fazaly enjamlary, elektrotehniki önümleri, demirgurnamalary we uly islegli beýleki önümleri çykarmagyň hasabyna önümleriň görnüşlerini artdyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!