16.05.2018. Ýurdumyzda bina edilen häzirki zaman desgalaryň hatarynda Tejen etrabynda “Azapkeş” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan häzirki zaman maldarçylyk toplumy hem bar. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhana ýylda 3 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa, hil taýdan ýokary talaplara laýyk gelýän önümler öndüriler.
Bu desgany gurmak üçin “Seleňli” geňeşliginiň çäginde 600 gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 9 gektary maldarçylyk fermasy we 591 gektary iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenendir. Giň meýdanda ýorunja, mekgejöwen we arpa ekildi.
Maldarçylyk, tohumçylyk kärhanasy dünýäniň belli önüm öndürijileriniň häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde öňdebaryjy seçgiçilik usuly bilen iri şahly mallaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler. Munuň üçin zootehnikanyň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Täze toplumyň işe girizilmegi ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine itergi berer, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda bu pudaga möhüm ähmiýet berýär. Şu gün açylýan maldarçylyk toplumynda onlarça iş orunlarynyň döredilendigini hem bellemek gerek.
Fermada ýerli sygyrlaryň görnüşleri bilen birlikde, Germaniýadan, Ukrainadan getirilen iri şahly mallaryň naýbaşy görnüşleriniň hem 338-si saklanar. Şolardan eýýäm 340 göle alyndy. Bu ýerde sagym işleri iň täze sagym enjamlary arkaly amala aşyrylýar. Ulgam netijeliligi we ygtybarlylygy üçin sagym ýerleriniň hususy enjamlaşdyrylmagy we ýokary geçirijilik ukybynyň artykmaçlygy bilen häzirki zaman süýt hojalygynda giňden ulanylýar. Sygyrlaryň saglygynda nähilidir bir üýtgeşme we näsaglyk ýüze çykan halatynda sagym enjamy awtomatik taýdan işlemegini bes edýär. Süýt sagymdan soňra ýörite gaplara guýulýar.
Maldarçylyk toplumynda sygyrlary saklamak üçin jaýlaryň ähli zerur enjamlar bilen, şol sanda ýataklaryň awtomatik arassalanyş ulgamy, suwy hemişe arassa saklanýan ýörite awtomatlaşdyrylan sagym tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Bu ýerde göleleri we tüweleri saklamak üçin bölümler hem göz öňünde tutulypdyr. Fermanyň işgärleriniň zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin amatly şertler döredilipdir. Naharhana hem-de işgärler üçin ýörite jaý olaryň ygtyýaryndadyr.
Toplumda oba hojalyk ugurly hususy kompaniýalarda esasy önümçilik usuly hökmünde peýdalanylýan doly önümçilik ulgamynyň, ýagny ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden, täze iýmlik goşundylaryny öndürmekden hem-de satyn almakdan başlap, hususy et we süýt önümlerini gaýtadan işlemäge degişli ulgamyň netijeli bolmagy, bir tarapdan, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, ikinjiden bolsa, kärhananyň düşewüntliligini gazanmaga mümkinçilik berer.
Et-süýt önümlerini öndürmek boýunça häzirki zaman maldarçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi etrabyň durmuşynda ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Onuň açylyşyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Täze desganyň abadanlaşdyrylan çäkleri baýdaklar we toý baglary bilen bezeldi. Döredijilik toparlary dabaralara gatnaşyjylary gyzykly çykyşlary bilen begendirdiler.
Maldarçylyk kärhanasynyň işgärleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa telekeçilik ulgamyny işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny we agrosenagat toplumyny ösdürmek meselelerine düýpli üns berýändigi, oba zähmetkeşleri hakynda, türkmen halkynyň durmuşyny ähli ugurlarda mynasyp derejede üpjün etmek hakynda edýän aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

FaLang translation system by Faboba