16.05.2018. Milli baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň obasenagat ulgamynyň kärhanalarynyň birbada ikisi işe girizildi. Mary etrabynda guşçulyk, Murgap etrabynda iri maldarçylyk toplumlary ulanmaga berildi.
Bu şanly wakalar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda häzirki zaman agrosenagat düzümlerini döretmäge saldamly maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna alnanda, döwletimiziň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, halkyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Bu giň möçberli işe ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda olaryň öňünde oňat mümkinçilikler açyldy. Döwletimiziň belli maksada gönükdirilen goldawy netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri aldylar.
Mary etrabynda ýerli “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan guşçulyk toplumy hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumda ýylda 5 million ýumurtga we 500 tonna guş eti öndüriler. Kärhananyň çägindäki guşçulyk bölümlerinde birbada towuklaryň 132 müňüsi saklanar. Hususan-da, bu ýerde her biri ýumurtga berýän towuklaryň 50 müňüsine niýetlenen guş bölümleriniň ikisi, şeýle hem jüýjeleri ýetişdirmek üçin jaý göz öňünde tutulypdyr. Doly awtomatlaşdyrylan ähli bölümler ýörite abzallar, şol sanda amatly howa ýagdaýyny saklamak, howany, suwy arassalamak we beýlekiler üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Telekeçilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 100 gektar ýer bölegi berildi. Onuň 10 gektaryny önümçilik desgalary eýeleýär. Beýleki ýerleri bolsa ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylýar. Bölümiň her aýlyk kuwwaty 3 müň tonna ot-iými taýýarlamaga ukyplydyr.
Toplumyň önümleri içerki bazarda ýerleşdiriler, şeýle hem “Kekeç” haryt nyşany bilen eksporta ugradylar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny hil taýdan täze derejelere götermäge gönükdirilen anyk çäreleriň kabul edilmegi netijesinde ekerançylyk we guşçulyk bilen bir hatarda, maldarçylyk hem öz ösüşinde kuwwatly itergi aldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakda iri hem-de ownuk şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek, et we süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak meselelerini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Bu wezipeleriň çözülmegine Murgap etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary — telekeçiler tarapyndan gurlan, önümçilik kuwwaty ýylda 100 tonna süýt hem-de 100 tonna et öndürmäge ukyply bolan häzirki zaman maldarçylyk toplumy hem ýardam bermäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda fermada iri şahly mallaryň 750-si, şol sanda Eýrandan getirilen hem-de köp süýt bermekde gazanan rekordlary bilen belli bolan golştin tohumly sygyrlaryň 150-si saklanylýar. Bu ýerde mallary saklamak, ýaş göleleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler üpjün edilipdir. Sagym bölüminde ýokary öndürijilikli enjamlar goýlupdyr. Toplumyň zerur iýmlik binýadyny döretmek üçin bölünip berlen 250 gektar ekerançylyk meýdanda ýorunja, arpa, mekgejöwen we beýleki ekinler ekilýär.
Täze oba hojalyk kärhanasynda iş orunlarynyň onlarçasy döredildi. Geljekde telekeçiler sygyrlaryň sagylýan we et berýän görnüşleriniň baş sanyny iki esse artdyrmagy, şeýle hem gaýtadan işleýän bölümi açmagy göz öňünde tutýarlar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)