16.05.2018. Kerki etrabynyň Çekir obasynda gök we miwe önümlerini gaplaýan döwrebap zawodyň dabaraly açylyşy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 1 million şertli bankany öndürmäge ukyplydyr.
Lebap welaýatynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabara sebit hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan işleri wasp edýän belent ruhly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň, orta we kiçi telekeçiligiň okgunly ösýändigini aýratyn bellediler. Türkmenistanda munuň üçin ähli şertler döredildi. Täze kärhananyň açylyşy munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.
Gaplanan önümleri öndürýän täze zawody ýeňillikli bank karz serişdeleriniň hasabyna “Ýakyn dost” hojalyk jemgyýeti gurdy. Täze desgada döwrebap, gaýtadan işleýän önümçiligiň ähli tapgyrlary — bölümler, 100 inedördül metrden gowrak meýdany tutýan sowadyjy enjamlar, ammarlar, barlaghanalar, ýyladyjy hojalyk, dolandyryş-durmuş toplumy sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Zawodyň abadanlaşdyrylan çäklerine bag ekilipdir.
Kärhana awtomatlaşdyrylan guýujy hem-de ýuwujy ulgamlar, iň täze barlaghana enjamlary, dolandyryşyň kompýuter ulgamy, bug gazanlary we ýangyn howpsuzlygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Arassaçylyk gözegçiliginiň, işçiler üçin durmuş şertleriniň ähli düzgünleri göz öňünde tutulypdyr.
Täze onlarça iş orunlary açylan zawod gaplanan önümleriň giň görnüşlerini — miweli içgileri, ballary, şerbetleri, duzlanan hem-de marinad önümlerini we beýlekileri öndürer. Çig mal şertnama esasynda ilatdan we hojalyklardan satyn alnar. Telekeçiler geljekde kärhananyň zerurlygy üçin gök-miwe ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 60 gektar ýeri kärendesine almagy göz öňünde tutýarlar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli önümler bilen doldurmak, olary eksporta ugratmak, ýyladyşhanalary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän dürli bölümleri gurmagyň depginini çaltlandyrmak barada öňde goýýan wezipelerini üstünlikli çözmek işine öz goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda Amyderýa jülgesinde telekeçileriň 2 müňden gowragy azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşlerini öndürýär, ilata dürli durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Olar tarapyndan onlarça ýyladyşhana toplumlary, köp sanly gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy.
Bu asylly işler barha giň gerim alýar. Saýat etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginde 600 baş iri şahly maly saklamaga hem-de ýylda 80 tonna et we 600 tonna süýt öndürmäge ukyply täze maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Darganata şäherçesinde ýerli telekeçiler häzirki zaman süýt zawodyny, alkogolsyz içgileri öndürýän bölümi, ulaglara tehniki hyzmat edýän bekedi, ýylda 600 million şertli keramiki kerpiji öndürmäge ukyply zawody gurýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň halk hojalyk toplumynyň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän ýadawsyz aladalary netijesinde mümkin boldy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)