«Dünýädäki iň beýik myhmanhana Dubaýda ýerleşýär» diýip, «Khaleej Times» neşiri habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäherleriniň biri bolan Dubaýdaky «Gevora» myhmanhanalar toplumy iň beýik bina hökmünde resmi taýdan yglan edilipdir. 75 gatdan ybarat bolan bu döwrebap myhmanhananyň beýikliginiň 365 metre deňdigini bellemelidiris.
«Gevora»-dan ozal hem iň beýik bina Dubaýyň çäginde ýerleşipdir. Iň ýokary görkeziji «JW Marriott Marquis» atly myhmanhana degişli bolup, ol 355 metre ýetipdir. Özem 72 gatdan ybarat eken.

Taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.