03.05.2018. Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önüm- aýratyn üýtgeşik sypatly maýyşgak polipropilen plýonka çykarmaga taýýarlanylýar. Iki görnüşli – açyk reňkli bir gat we soekstruzion pleýonka öndürýän enjam gurmak barada Indoneziýanyň «P.T.Istana karang Laut» kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda işe goýbeiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Iýun aýynyň ahyrynda önüm çykarylyp başlanar.

Täze enjam zawodyň hünärmenlerine TNGIZT-de öndürilen polipropilenden alynýan önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylda ýerli çig maldan dürli görnüşli we dürli zatlara niýetlenen, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen pleýonkanyň 20 müň tonnadan gowragy taýýarlanylar.

Ony işläp taýaýrlamak tehnologiýasy öndürilýän pleýonkany keseligine iki tarapa çekmekden ybaratdyr. Şeýle usulda taýýarlanylýan plýonka başgaça molekulýar düzümli bolanlygy sebäpli şy kysmy polimer pleýonkalardan has berkligi we pes dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Täze önümiň galyňlygy deň bolsa-da, has ýeňilligi netijesinde ony ulanmak has haýyrlydyr. Azyk önümlerini gaplamakdan başga-da, propilen pleýonkalar dokma senagatynda we bir gezek ulanylýan lukmançylyk serişdelerini gaplamakda ulanylýar. Soekstruzion pleýonka howa geçirmeýän syklygy we her hili şekil berip bolýanlygy bilen tapawutlanýar. Poliamidiň ýörüte gatlagy bolsa ony doňdurylýan harytlar üçin wakum we has berk gap hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Gatlak arasyndaky pleýonka pozulmaýan möhür basyp bolýar.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!