03.05.2018. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň ulag merkezine demir ýol wagon-çelekleriniň täze tapgyry gelip gowuşdy. Golaýda bu ýere esasan eksporta ugratmak üçin kükürt kislotasyny daşamaga niýetlenen wagon-çelekleriň 15-si getirildi. Döwrebap demir ýol çelekleriniň ýene bir tapgyry getiriler.

Kärhana Merkezi Aziýa sebitinde ýokary hilli kükürt kislotasyny öndürýän iň iri önümçilikdir. 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýylda 500 tonna kükürt kislotasyny ömdürmek boýunça senagat toplumyny işe girizmäge badalga berildi. Ýokary tehnologiýaly önümçilik gije-gündiziň dowamynda işledilip, 1 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasy çykarylýar.

Belli bolşy ýaly, kükürt kislotasy fosfor mineral dökünlerini öndürmekde esasy çig maldyr, ol senagatyň beýleki pudaklarynda-da ulanylýar, dünýä bazarlarynda islegli harytdyr. Türkmenabatly himiýaçylat onuň eksportyny ardyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Berdimyrat JUMAÝEW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!