26.04.2018. Lebap welaýatynda buýan köki köpçülikleýin ýygnalyp başlandy. Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumynyň işgärleri buýan meýdanlarynda ony senagat taýdan işleýärler.

Daşary ýurtly hünärmenleriň berýän bahasyna görä, hili we ulanylyş sypatlary babatda türkmen buýany dünýäde iň gowularynyň biridir hem-de senagatyň derman, azyk we beýleki pudaklarynda wajyp çig mal komponentleriniň biri hökmünde ulanylýar. Şonuň üçinem türkmen buýan köki, onuň ýarymfabrikatlary dünýä bazarlarynda uly isegden peýdalanýar. Häzirki wagtda “Buýan” obasenagat toplumynda öndürilýän basylan buýan köküniň, onuň goýy we gury ekstraktlarynyň aglaba bölegini Hytaý, ABŞ, Fransiýa, Hindistan we beýleki ýurtlar satyn alýarlar, süýji buýan çig maly Türkmenistanyň derman we azyk senagatynda-da giňden ulanylýar. Türkmenabatda soňky on ýyllykda buýan pudagynyň üstünlikli ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň gurulmagy buýan köküni dünýä ölçegleriniň derejesinde işläp taýýarlamagyň we gaýtadan işlemegiň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. 10 ýyl mundan ozal, 2008-nji ýylyň aprel aýynda Amyderýa boýundaky şäherde kuwwatlylygy ýylda 1 müň tonna önüm bolan buýan köküniň gury ekstraktyny çykarýan täze döwrebap zawod ulanylmaga berildi. Bir möwsümde Jeýhunyň arnasynyň ekinzarlygyndan ýygnalýan buýan köki kärhana awtoulaglar we derýa ulaglary bilen daşalýar.

Buýan ýygnamak käri Amyderýa jülgesinde gözbaşyny geçen asyryň başyndan alyp gaýdýar. “Altyn köki” ýetişdirmegiň we ony ýygnamagyň ussatlygydyr syrlary nesilden nesle geçip gelýär.

Berdimyrat JUMAÝEW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!