20.03.2018. Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine “2018 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasyny” hem-de bu döwür üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 16-njy martynda tassyklan Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti döretmek milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudagyny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň netijeli hem-de sazlaşykly ösüşi, hususy başlangyçlaryň öňe sürülmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import çärelerini geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgyt we karz ulgamlary onuň subutnamasydyr. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazary ýerli önümçiligiň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet maksatnamasynda birnäçe toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Maliýe-ykdysady we bank ulgamlaryndaky düýpli düzümleýin özgertmeleriň geçirilmeginde, şeýle hem bazar ykdysady şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda anyk çäreleriň wajypdygy nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we halkymyzyň abadançylygy ugrunda ähli yhlaslaryny gaýgyrman işlejekdiklerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!