28.02.2018. Ýapon alymy Akinori Ito ilki başda asly nebitden alnan polietilen we plastmassa önümlerini gaýtadan işlemek mümkinçiligi bolan maşyny oýlap tapdy. Alnan ýangyjy öýleri ýylatmak üçin, goşmaça galyndyny bolsa, awtomobil ýangyjy hökmünde ulanmak mümkin. Häzirki wagtda dünýäniň ekologiýa ýagdaýy nebit önümleriniň galyndylaryna jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Emma köp gaýtadan işleýän kompaniýalar düşewüntsiz hasaplap, plastik paketleriň işinden ýüz dönderýärler. Ýapon alymy bolsa, biziň dünýämizi diňe bir arassa etmän, eýsem, girdeji getirjek maşyny oýlap tapyp, bu pikiri puja çykardy.
Kyn gurluş esasynda özgeren adaty nebitiň öňki ýagdaýyna gelmegi täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygydyr. Maşynyň işleýşi birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen plastik suwuklyga öwrülýänçä, ýagny 427 derejä çenli gyzdyrylýar. Uzak wagtlap gaýnandan soňra alnan önüm gaza öwrülýär, işlenilmedik hala geçen nebit, soňra sowadylýar.
Şeýle gaýtadan işlemek netijesinde döredilen nebit jaýlary ýylatmak üçin ulanylyp bilner ýa-da edil şu enjamda indiki tapgyrda işlenilen galyndy içinden ot alýan dwigateliň işi üçin ulanylyp bilner.
Alym bu enjamyň senagat möçberinde ulanylmagynyň has amatly boljakdygyny belleýär. Öý şertlerinde öndürilen ýangyç bu enjamyň eýelerine benzini we jaýlary ýylatmagy tygşytlamaga kömek eder.

Materiýaly “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!