21.02.2018. Masaçusets tehnologiýa institutynyň täze başlangyçly media-tejribehanasynda “Ori” (ABŞ) kompaniýasy robotlaşdyrylan mebelleri işläp taýýarlady we olary bazarda üstünlikli ýerleýär.
Bu mebel bölekleri adaty otagy myhmanhana, ýatylýan, iş otagyna ýa-da geýim şkafyna aňsatlyk bilen öwürýär. «L» şekilli dikligine bir tarapy geýim şkafyna, köp sanly çekmelere, tekjelere we ýygnalýan iş stoluna utgaşýar.
Aşaky düýp bölegi çekip çykarylýan krowat bilen enjamlaşdyrylandyr. Beýleki bir dik tarap bolsa, telewizordyr öý tehnikalary üçin tagtaçalar, kitap tekjeleri we birnäçe çekmeler bilen üpjün edýär.
Şunuň ýaly mebeller ýaşaýyş jaýynyň içiniň giňemegine kömek edýär. Meýdany 15-20 inedördül metr bolan bir otagyň içinde giň şahsy we iş bölümini döretmek ýa-da myhman kabul edip, agşamlyklary gurnamak bolýar.
Mebel böleklerini pult bilen dolandyryp bolýar. Bu «akylly» mebelleri “Ori”-den uly şäherleriň ýaşaýyş jaýlaryny gurujylar satyn alýarlar. Bu kompaniýanyň bezegçileriniň geljekki meýilnamalarynda aşhanadyr wanna otaglar, iki otagly jaýlary üç otagly jaýlara öwürmek mümkinçiligi bolan diwar-aralyklar şeýle hem içi bezelen studiýa boýunça birmeňzeş çözgütleri işläp taýýarlamak bar.
Bu mebeliň bir görnüşden başga görnüşe öwrülmek we özbaşdak hereket etmek mümkinçiligi onuň köpdürliligini artdyrar.

Materiýaly “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!