Bu degişme däl. Hakykatdan hem Hytaý gyzyklanýan döwletler bilen bilelikde «Demirgazyk Ýüpek ýoly» diýen taslamanyň çäklerinde arktiki söwda ugurly ýollaryny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň Döwlet geňeşiniň arktiki sebitde hytaý syýasaty boýunça ilkinji neşiri bolan Ak kitapda aýdylýar.
Göräýmäge, erteki ýaly bu başlangyjyň bütinleý ykdysadydy maksady bardyr. Hytaý arktiki sebitiň ýurtlary bilen bilelikde Demirgazyk Buzly okeanyň üstünden Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady geçelge döretmäge taýýar.
Pekin bu taslama gatnaşýan öz kompaniýalaryny ilkinji söwda gatnawyny amala aşyran halatynda höweslendirmegi wada edýär.
Ak kitapda HHR-iň sebitiň ýurtlary bilen bilelikde bu howa ýagdaýy gazaply bolan ülkäniň ýerli ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş düzgünine, däp-dessurlaryna, medeniýetine hormat goýup, Arktikada uglewodorodlary we beýleki peýdaly magdanlary gazyp almaga, şeýle hem onuň balyk tutmak işini we syýahatçylygy giňeltmäge taýýardygy nygtalýar.
Şunuň bilen birlikde Hytaý ekologiýa talaplaryny berjaý etmegi we Arktikada ylmy barlaglary ösdürmegi aýratyn belläp geçýär.
Bilermenleriň köpüsi gazaply howasy üçin Arktikanyň baýlygynyň özleşdirilmegini geljegiň işi hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, eger Hytaý bir işe başlasa, Demirgazyk giňişliginiň örän basym joşgunly söwda ýoluna öwrüljekdigine ynanýarlar.

Materiýaly www.orient.tm saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

FaLang translation system by Faboba