28.01.2018. Norwegiýada 2040-njy ýyla çenli elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlary taýýarlamak maksat edinilýär. Bu ýurduň aeroportlarynyň “Avinor” döwlet operatory ilkinji bolup, howa gämilerini elektrik energiýasyna geçirer.
“Avinor”-yň ýolbaşçysy Dag Folk-Petersen elektrik energiýasy bilen herekete getirilýän uçarlaryň adaty ýolagçy gatnadýan “howa gämileriniň” ornuny tutup biljekdigini aýdýar. “Biz dowamlylygy 1,5 sagatdan geçmeýän ugurlara elektrik energiýasy arkaly herekete getirilýän “howa gämilerini” ulanyp bileris” diýip, Dag Folk-Petersen belleýär. Şu taslama laýyklykda elektrouçarlar ýurduň içindäki ähli ugurlarda, şeýle-de goňşy Skandinaw döwletleriniň paýtagtlaryna guralýan ugurlarda ulanmak göz öňünde tutulýar.
“Avinor” 2025-nji ýylda 19 ýolagçy orunlyk kiçi elektrouçarlarynda täjirçilik maksatly synag uçuşlaryny amala aşyrmak isleýär. Uçarlary elektrik energiýasyna dolulygyna geçirmek üçin bioýangyç we gibrid hereketlendirijileri ýaly tehnologiýalardan peýdalanmalydygy nygtalýar.
Täze taslama boýunça ediljek işler durmuşa geçirilen halatynda daşky gurşawy goramak işine goşant goşular, şeýle-de awiakompaniýalaryň harajatlary tygşytlanar.
Norwegiýanyň ýurtdaky elektromobilleriň sany boýunça dünýäde 1-nji orny eýeleýändigini aýtmak gerek. Munuň özi norwegiýalylaryň ekologiýa taýdan arassa energiýa babatdaky taslamalarynyň durmuşa geçmek mümkinçiliginiň ýokarydygyny aňladýar.

Materialy “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!