Bir gezek okuwçy:
─ Mugallym, aýtsana, täze işiň başyny tutmak üçin has düşümli gün bolup bilýärmi?
─ Gün? ─ diýip, mugallym geň galypdyr.
─ Belki, hepdäň ýa aýyň haýsydyr bir günüdir?
─ Hä-ä, hepdäň günümi...? Okuwçy başyny atypdyr.
─ Hawa, elbetde, ol gün çarşenbe ─ diýip, mugallym mekirlik bilen okuwçylaryny synlapdyr. Olar bolsa derrew depderlerine ýapyşyp, mugallymlarynyň aýdan sözlerini belläpdirler.
─ Sen näme üçin ýazaňok? ─ diýip, mugallym gabat garşysynda ýylgyryp özüne seredip duran okuwçysyndan talap edijilik bilen sorapdyr.
─ Sebäbi men siziň mundan beýläk aýtjak zatlaryňyzy bilýärin, mugallym.
─ Ýeri, näme? ─ diýip, mugallym gaşyny çytyp, elini galdyrypdyr. Okuwçylaryň ählisi doňup galypdyrlar. Şonda hälki ýazmadyk okuwçy:
─ Bu edil şonuň ýaly sişenbe, anna, şenbe, duşenbe, penşenbe, ýekşenbe. Mugallym:
─ Sen mamla ─ diýipdir. Okuwçylar öz ýoldaşlarynyň tas ähli zady diýen ýaly dogry aýdandygyna begenişip, gygyryşypdyrlar. Ýöne olardan biri:
─ Mugallym, hakykatdan hem şeýle yzygiderlikdemi? ─ diýip, sorapdyr.
Mugallym hälki tas dogry diýen ýaly jogap beren okuwça üns bilen seredipdir-de, oňa eli bilen yşarat edipdir.
─ Jogap! Diňe bir gün. Ol hem şu gün.

Taýýarlan Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!