Dünýäniň öňdebaryjy arhitektorlary we taslamaçylary ekologiýa taýdan durnukly binalary gurmagy maksat edinýärler. Olar energiýany tygşytlamaga hem amatly bolýar.
Şeýle taslamalaryň birini Singapuryň “Blue Frontiers” kompaniýasy Taiti adalarynda amala aşyrmak isleýär. Olar 700 inedördül kilometr meýdanda 300 adama niýetläp, ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagy meýilleşdirýärler. Ol ýerde işlemek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Taslamanyň arhitektory, Gollandiýanyň “Blue21” kompaniýasynyň hünärmeni Bart Roffen ýüzýän enjamlar boýunça tehnologiýalaryň soňky wagtlar barha möhüm häsiýete eýe bolýandygyny belleýär. Esasanam, adalarda we deňizleriň hanasyndan çykmak howpy bolan sebitlerde bu tehnologiýa zerurlyk döreýär.
Taitidäki taslamany 2020-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Materialy “www.orient.tm” habarlar agentliginiň maglumalary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!