Bir gezek okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip: «Mugallym, akylly adamyň akmakdan näme tapawudy bar?» diýip sorapdyr.
Mugallym asuda güneşli säherde gök çaý içip, bakylyk hakyndaky oý-pikirlere gümra bolup oturan eken. Muňa garamazdan ol okuwçysynyň hatyrasyna içilmedik käsesini ýerde goýup, pikirlenmesini bes edipdir-de, okuwçysyny ýany bilen alyp ugrapdyr.
Mugallym okuwçyny daga, ýagny onuň golaýda azyrak opurylan eňňidine getiripdir. Dagyň eteginde ululy-kiçili daşlar pytrap ýatan eken. Mugallym okuwçysyna bu daşlaryň ählisini dagyň başyna çykarmalydygyny aýdypdyr. Daşlar örän kän eken. Okuwçy olary uzakly gün daşapdyr. Mugallym bolsa, agajyň kölegesinde kitap okap oturypdyr.
Okuwçy gaty ýadapdyr, şeýle-de bolsa ol Gün ýaşmazdan öň olaryň baryny daşap gutarypdyr. Eden işinden hoşal bolup mugallymynyň ýanyna gelipdir-de, sowal beripdir: «Mugallym, indi men sowalymyň jogabyny eşidip bilerinmi? diýipdir.
Mugallym başyny ýaýkap: «Ýok, sen entek taýýar däl» diýipdir. «Onda munça daşy daşamak nämä gerek boldy» diýip, okuwçy geň galypdyr. «Ine» diýip mugallym süýem barmagyny galdyrypdyr-da: «Akylly adam bu sowaly daş daşamazyndan öň bererdi» diýipdir.

Taýýarlan Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!