Ýol ugrunda gurap galan daragt dur eken. Gözedürtme garaňkylykda niredendir bir ýerden peýda bolan ogry ony görüp, özüne garaşyp duran polisiýa işgäridir öýütdi.

Aşyk bolan ýetginjege gijäniň ýarynda ýaňky daragt intizar bolup ýola garap duran söýgülisiniň sudury bolup göründi.

Gorkunç ertekileri diňlän çaga oňa al-arwahdyr öýdüp howatyrly seretdi.

Emma olaryň hemmesiniň göreni şol bir daragtdy.

Biziň özümiz nähili bolsak, dünýäni hem şol görnüşde görýäris.

Terjime eden Maýa Apbaýewa,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!