Bir gezek duýman durka böwrüne güýçli urlan çakmak göwnüne degene gahar bilen ýüzlenip:
─ Näme beýle meň üstüme gaýdyberdiň-le? Men seni tanamok-edemok. Görýän welin, başga biri bilen çalyşdyň öýdýän. Günüme goý. Men hiç kime ýamanlyk edemok ─ diýipdir.
─ Biderek gaharlanma goňşy ─ diýip, çakmak daşy mylaýymlyk bilen sözläpdir:
─ Eger-de azajyk sabyr etseň, basym senden nahili geň-enaýy zady döredendigimi görersiň.
Bu gürrüňlerden soň çakmak rahatlanypdyr-da, onuň urgularyna sabyrlylyk bilen çydapdyr. Ahyrsoňy çakmakdan hakyky gudraty döredip biljek ot çakylypdyr. Şeýlelikde, çakmagyň sabry hyzmatyna görä sylaglanypdyr.
Bu tymsal käbir adamyň ilkibaşda okuwdan sussy basylýanlygy barada aýdylandyr. Ýöne welin sabyrdan ýüküňi tutup, erjellik görkezseň, onda bilimden ekilen tohum hökman öz ajaýyp miwesini berer. Okamak, öwrenmek ilkibada kyn düşse-de, soňra görkezýän rehneti datlydyr.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!