─ Men şeýlebir betbagt... belki, men erbet adamdyryn ─ diýip, okuwçy mugallymynyň ýanynda zeýrenipdir.
─ Sen ýaramaz adam däl, ýöne saňa özgermek gerek.
─ Nähili beýle bolýar, eger men ýaramaz bolmasam, onda özgermek nämä gerek?
─ Gel, gowusy men saňa görkezeýin ─ diýip, mugallym sala salypdyr.
Okuwçynyň eline tüýdük tutdurypdyr-da haýsy sazy çalasyň gelse çalaý ─ diýip haýyş edipdir. Okuwçy tüýdük çalyp bilmeýän ekeni. Ol tüýdügi agzyna eltipder-de oňa üflemäge durupdyr, şol wagtam barmaklary bilen saz guralynyň deşijeklerini petikläpdir. Tüýdükden başly-barat sesden başga zat çykmandyr.
─ Gördüňmi nähili boldy ─ diýip, mugallym söze başlapdyr:
─ Eger sen tüýdügi çalmagy öwrenseň, saz başgaça ýaňlanar. Näme özgerer?
Sazy çaljak sen, saz guralyň bolsa, şol bir tüýdük, ellerem öňki, howa-da... Ýöne bu düýbünden başga, ýagny kalplara aram berjek, göwünleri maýyl etjek saz bolar.

Netije: Biziň kalbymyzda ähli zerur zatlar bar. Megerem, ondan özara sazlaşygy ýüze çykarmagy başarmaýanlygymyz üçin ýaman bolup görünýändir. Haçan-da öz pikirlerimizi, erkimizi-ygtyýarymyzy dogry ugrukdyryp bilsek, şonda kalbymyzyň elindäki bu gurallarymyz bize gulak asyp başlar. Şonda biz özge zady däl, hut ýermezçiliklerimizi ýagşy niýetlerimiz ýaly heniz ulanmagy öwrenmändigimize akyl ýetireris.

Taýýarlan Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!