Ençeme ýyl mundan ozal bir şäherde örän pähimdar kişi ýaşapdyr. Onuň ýanyna adamlar ýygy-ýygydan maslahata gelipdir. Ol her gelene gowudan-gowy maslahat bermäge çalşypdyr. Akyldaryň şöhraty çar tarapa ýaýrapdyr.
Bir gezek bu pähimdar adam hakdaky gürrüň şol töwerekde ýaşaýan başga bir tanalýan dana kişä baryp ýetipdir. Bu dana hem öz maslahatlary bilen adamlara kömek edýän ekeni. Oňa özüniň pähimdar saýylmagy, sözüne gulak asylmagy ýaraýan ekeni. Haçanda ol özünden başga ýene bir akyldaryň barlygyny eşidende meşhurlygyny ýitirerin öýdüp gaharlanypdyr. Şeýlelikde ol, beýleki adamlara özüniň oňa garanda has pähimdardygyny subut etmegiň kül-külüne düşüpdir.
Uzak wagt pikirlenip, şeýle karara gelipdir: «Bir kebelegi tutaýyn-da ony elimiň aýasynda gizläýin. Hemmeleriň gözüniň alnynda:«Aýt, meniň elimde näme bar?» diýip soraýyn. Ol elbetde beýik akyldar, şonuň üçinem ol muny biler: «Seniň eliňde kebelek bar» diýip aýdar. Şonda men ondan: «Nähili kebelek, janlymy ýa jansyz?» diýip, soraryn. Eger diri diýse, onda men aýamy çalaja gysaryn, elimi açanymda hemmeler kebelegiň jansyzdygyny görerler. Eger ol jansyz diýse, men aýamy açaryn-da kebelegi uçuryp goýbererin. Şondan soňra hemmeler onuň ýalňyşandygyna göz ýetirerler. Ol şeýle hem edipdir. Bir kebelek tutupdyr-da dana kişiniň ýanyna baryp:
─ Hany, aýt meniň elimde näme bar? ─ diýip, sorapdyr. Akyldar:
─ Seniň eliňde kebelek bar ─ diýip jogap beripdir.
─ Onda aýt, ol janlymy ýa jansyz? Akyldar onuň gözüniň içine seredipdir-de şeýle diýipdir:
─ Ähli zat seniň eliňde.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!