Galam ussasy ony gabyna salmazdan ozal gapdala goýdy. Soňra maslahat bermäge başlady:

-Dünýäde seniň bilmeli 5 zadyň bardyr. Men seni dünýä bermänkäm olary pugta belle we ýatdan çykarma. Şonda sen dünýädäki iň gowy galam bolup bilersiň.

Birinjisi: eger kimdir birine özüňi elinde tutmaga mümkinçilik bersep, gaty uly işleri edip bilersiň.

Ikinjisi: her sapar seni ýiteldenlerinde ejir çekersiň. Emma ol seniň iň gowy galam bolmagyň üçin zerurdyr.

Üçünjisi: sen öz goýberen kemçilikleriňi düzetmäge ukyplysyň.

Dördünjisi: seniň iň möhüm bölegiň içiňde ýerleşýändir.

Bäşinjisi: seni nirede ulanýanam bolsalar, hemişe öz yzyňy galdyrmalysyň. Nähili ýagdaýda bolsaňam, ýazmagyňy dowam etmelisiň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!