Bir adam garynjalary synlap, olaryň zähmetsöýerligine üns beripdir. Olaryň haýyr-heläk bolup öý gurýandygyny, işleriň diýseň depginli dowam edýändigini görüp, haýran galypdyr. Garynjalar agzybirlik bilen işleýärdiler. Olaryň biri sypal daşasa, beýlekisi onuň ýoluny arçapdyr. Üçünji biri suw getirse, dördünjisi iýmit tapypdyr. Bäşinjisi bolsa öý gurmak bilen meşgullanypdyr.
Ýaňky adam bu ýagdaýa guwanyp:
-Garynjalar siz nähili agzybir we işeňňir – diýip, garynjalary alkyşlapdyr.
Garynja:
-Biz ony bilýäris. –Seniň özüň kim? – diýip oňa sowal bilen ýüzlenipdir.
Adam:
-Men ynsan. Bize akyl-paýhas berlipdir – diýip, jogap beripdir.
Onda garynja:
-Siz bize meňzeşmi? – diýip, sorapdyr.
-Biraz meňzeşlik bar. Biz tebigatyň kanunlaryny özleşdirdik. Ummanlaryň düýbüne ýetdik. Aýa aýak basdyk. Jaýlary, hatda uly şäherleri gurýarys –diýip, adam guwanyp gürläpdir.
-Onda sizem alkyş aýdylmagyna mynasyp – dýip, garynja dillenipdir. Soňra bolsa ol şeýle diýipdir:
-Sen öz aýdyşyň ýaly akylly-paýhasly bolýan bolsaň, bu ýerde garynjalar bilen gürleşip oturman, haýyrly iş bilen meşgullanmaly ekeniň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!