Bir ýylyň gadryny biljek bolsaňyz, gije-gündiz ýatman okan talyp bilen pikir alşyň.

Bir aýyň gadryny biljek bolsaňyz, perzendini 9 aýlap göterýän eneleri gürlediň.

Bir hepdäniň gadryny hepdelik neşiriň redaktoryndan soraň.

Bir sagadyň gadryny biljek bolsaňyz, duşuşyga garaşýan aşyk-magşugyň pikirini soraň.

Bir minutyň gadryny biljek bolsaňyz, otla gijä galan adam bilen gürleşip görüň.

Bir sekundyň gadryny biljek bolsaňyz, awtomobil heläkçiligine uçramakdan halas bolan adam bilen söhbet ediň.

Bir millisekundyň gadryny Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan türgenden oňat biljek ýokdur.

Nanosekundyň gadryny kompýuter taslamasy bilen iş salyşýan hünärmen biler.

Ömrüňiziň her bir sekundy altyna barabardyr.

Düýn – eýýäm taryh boldy. Ertir – entek gelmedik zadyň nämedigini aýtmak kyn.

Şu gün – ine, bu bize berlen peşgeş. Şonuň üçin ol häzirki wagt diýlip atlandyrylýar.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!