─ Men haýsydyr bir edara baryp, täze müşderi bolmak maksady bilen onuň ýolbaşçysy bilen duşuşjak bolsam, kätip meni goýbermeýär. Hatda ol meniň gelenligimi hem habar bermeýär. Maňa kätipden nähili ýol bilen geçmelidigini öwretsene ─ diýip, bir gezek okuwçy mugallymyna ýüzlenýär.
─ Geçmek? ─ diýip, mugallym, ýylgyrýar ─ gowy söz...
Ol okuwçylary özi bilen uly bir zala getirýär. Olaryň ýarsyny keseligine zynjyr ýaly edip biri-biriniň elinden tutduryp goýýar. Beýlekilere bolsa mugallym şeýle ýumuş tabşyrýar: zalyň beýleki bölegine geçmeli. Okuwçylaryň birnäçesi päsgelçiligi güýç bilen bozmak isleýär, emma garşysyndakylaryň hem güýçleri olardan asgyn däldi. Hatda kiçiräk dawa hem turýar. Emma güýç bilen zalyň beýleki bölegine geçmek hiç birine başartmaýar. Indi okuwçylaryň beýleki bölegi «zynjyryň» golaýyna gelýär. Ýüzlerini-gözlerini gorkunç edip, garşydaşlarynyň eginlerinden aňryk seredip gygyryşýarlar. Olaryň käbirine garşydaşynyň gorkanlygyndan peýdalanyp, aňryk geçmegem başardýar. Üçinji bölek gelip, «päsgelçiligi» elleri bilen gyjyklap başlaýar. Şeýlelikde olara garşylygyň hötdesinden gelmek başardýar. Okuwçylaryň dördünji bölegi ne güýç, ne mekirlik, ne-de gyjyklamak ulanýar. Olar kimiň goýbermändigi hakynda uzak wagtlap gürrüň edip durýarlar. Ahyry olaryň bir bölegi zalyň beýleki tarapyna geçýär. Haçan-da her kim öz güýjüni görkezenden soň, mugallym el çarpýar-da olara öýli-öýüne gaýtmagy we näme bilen meşgullanandyklary barada pikir etmegi tabşyrýar. Şeýle hem ertir ýene-de şu zala ýygnanmalydyklaryny aýdýar. Ertesi mugallym ýene-de edil düýnki ýaly hereket etmegi buýurýar. Ýene-de zynjyry güýç bilen kesip geçmek islänler hiç zat edip bilmeýär. Düýnki aldap geçenlere hem bu gün hiç kim ynanmaýar. Haçan-da düýnki garşydaşyny gyjyklanlar päsgelçilige golaýlanlarynda, gyjyk ýatlaryna düşüp, öňünden tisginişip «zynjyry» gowşadýarlar-da olary aňsatlyk bilen geçirip goýberýärler. Düýnki özlerini geçirmäge razy etmegi başaranlar bolsa bu gezek ýumuşy has çalt bitirýärler.
─ Siziň özüňiz gördüňiz ─ diýip, mugallym söze başlaýar:
─ Güýç bilen hiç zat gazanmarsyň, aldaw bilen gazanarsyň, ýöne diňe bir gezek. Emma mylaýymlyk we ynandyrma wagtyň geçmegi bilen has-da artýar.

Tadao Ýamoguçi, «Söwdanyň ýoly».

Terjime eden Maýa Apbaýewa.