Bir gezek ataly-ogul daga gidipdir. Daşa urlan ogul:
─A-a-a-a-a ─ diýip, gygyrypdyr.
─A-a-a-a-a!
Bu sese geň galan oglanjyk:
─ Sen kim? ─ diýip, sorapdyr.
─ Sen kim? ─ diýip, oňa jogap berlipdir. Bu jogaba gaty gahary gelen oglanjyk:
─ Gorkak! ─ diýip, gygyrypdyr.
─ Gorkak! ─ diýip, jogap berlipdir.
Oglan kakasyna: «Näme bolup geçýär» diýip, sowal beripdir. Kakasy ýylgyrypdyr-da: «Meni ünslüje diňle» diýipdir. Ol:
─ Men saňa hormat goýýaryn! ─ diýip, gygyrypdyr. Oňa:
─ Men saňa hormat goýýaryn! ─ diýen jogap gelipdir.
─ Sen ajaýyp!
─ Sen ajaýyp! ─ diýen jogap gelipdir.
Oglanjyk haýrana galypdyr. Soňra oňa kakasy: «Bu hadysa «Ýaň» diýilýär. Hakykatda bolsa, bu durmuş. Ol saňa näme aýdan bolsaň, näme eden bolsaň şolaryň ählisini gaýtaryp berýär» diýip düşündiripdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!