─ Mugallym, beýlekiler her gün täze ýumuş alýarka, siz näme üçin maňa indi ýumuş bereňzok? ─ diýip, okuwçy sorag beripdir. Mugallym:
─ Men saňa munuň jogabyny aýdaryn, ýöne entek däl. Häzir bolsa, gel bile naharlanaly ─ diýipdir. Okuwçy ajygyp duransoň derrew razylyk beripdir. Mugallym:
─ Ýöne, sen meniň öz elim bilen nahar iýdirmegime ygtyýar ber ─ diýipdir.
Muňa okuwçy geň galsa-da, mugallym beýleki okuwçylardan özüni has gowy görýändir diýip, oýlanypdyr.
Tagamy äberipdirler. Mugallym ysy janyňy alyp gelýän, süýji palawdan bir çemçe alyp, işdämenlik bilen iýmekçi bolan okuwçynyň agzyna tutupdyr. Ol lezzetden başyny ýaýkap, gözlerini ýumupdyr. Ol aşpeziň ussatlygyny taryp etmekçi bolup agzyny açan badyna ýene bir çemçe palaw agzyna dolupdyr. Ol palawy çeýnemäge başlapdyr, ýöne doly çeýnäp bolmanka nobatdaky çemçe süýji tagamdan agzy dolupdyr. Ol çalt-çaltdan iýipdir. Bir çemçäni doly iýip bolmanka, ikinji çemçe gelipdir. Ahyry okuwçy saklanyp bilmän:
─ Biz näme, bir ýere howlugýasmy? Näme üçin men bu ajaýyp palawyň lezzetini alyp, bir çemçesini iýip bolmankam, ýene bir çemçe bilen agzymy doldurýarsyňyz? Mesawy gürrüň edip, howlukman iýsek bolanokmy? ─ diýipdir. Şonda mugallym:
─ Näme bolman, ýöne bu saňa ýaraýar ahyry ─ diýip, jogap beripdir.
─ Maňamy? Siz nähili? Size muny kim aýtdy?
─ Ýarym sagat mundan ozal seň özüň aýtdyň.
─ Men? ─ diýip, okuwçy geň galýar. Mugallym:
─ Onda näme, öňküleri özleşdirmänkäň men soradymmy senden täze sapaklary bermegi?! Saňa täze ýumuşlary bermek edil, iýip ýetişmänkäň ýene agzyňy nahardan doldurmak ýaly bir zat. Köp ýumuş almaga howlukma we olary ýerine ýetirmäge hem gyssanma. Gadymkylarymyz: «Durmuşy elden gidermezlik üçin haýal howluk» diýipdirler. Olary howlukman, höwes bilen we yhlas siňdirip ýerine ýetir. Durmuşy kowalap tutjak bolma. Durmuşyň tagamyny duý hem ondan lezzet al!

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!