Bir ýaş ýigit özüniň ruhy halypasynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
 – Halypam siz maňa hyýalymda: «Men öz durmuşyma şatlygy kabul edýärin» diýen jümläni gaýtalap gezmegi maslahat beripdiňiz. Men muny her gün ençeme gezek gaýtalap gezýärin, onda-da durmuşymda şatlyk öň bolmaýşy ýaly häzirem ýok. Men öňkim ýaly häzirem ýeke. Indi, men näme etmeli?
 Akyldar sesini-üýnüni çykarman eline ilen çemçe, kürüşge, şem ýaly zatlary ýaş oglanyň öňünde goýup:
 – Şularyň haýsyny saýlan bolsaň adyny tut – diýipdir.
 – Çemçäni – diýip, oglan jogap beripdir.
 – Muny bäş gezek gaýtala – diýip, garry haýyş edipdir.
 – Men çemçäni saýlaýaryn – diýip, ýaş oglan bäş gezek gaýtalapdyr.
 Ine, gördüňmi? Sen çemçäni saýlaýanyňy million gezek gaýtala, ol barybir seňki bolmaz. Eliňi uzadyp, ony almagyň gerek. Hereket etmegiň zerur…

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!